Ispaniýa Ronaldunyň iň uly arzuwynyň hasyl bolmagyna böwet boldy
2026-nji ýylyň futbol boýunça dünýa çempionatynyň çärýek finalyna barýan ýolda iň esasy duşuşyklaryň biri hasaplanan Portugaliýa bilen Ispaniýanyň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 0-1 hasabynda ispanlaryň peýdasyna tamamlandy. Iki goňşy ýurduň ýaşyl meýdançadaky oýny professional futbolyň, ýokary taktiki göreşiň we sabyrlylygyň hakyky nusgasy boldy.
Duşuşygyň ahyrynda, ýagny 90+1-nji minutynda ispanlaryň ýarym goragçysy M.Merinonyň goly Ispaniýany taryhy ýeňişe ýetirdi. Bu ýeňiş bilen Ispaniýa çempionatyň çärýek finalyna çykmagy başardy.
Belgiýa ABŞ-ny ýeňip, çärýek finala çykdy
Çempionatyň 1/8 finalynyň beýleki duşuşygy hem gyzykly we çekeleşikli geçdi. ABŞ-nyň milli ýygyndysy Belgiýanyň milli ýygyndysyndan 4-1 hasabynda ýeňildi.
Belgiýanyň ýygyndysy duşuşygy dartgynly hüjümler bilen başlady. Şeýlelikde, 9-njy minutda Ş.De Ketelare hasaby açdy (0-1).
ABŞ-nyň ýaş oýunçysy M.Tilmanyň 31-nji minutda geçiren goly deňligiň hasaba alynmagyna getirdi. Hasap deňlenenden bary-ýogy 2 minut soň De Ketelara Belgiýany ýene-de öňe geçirdi.
Duşuşygyň 57-nji minutynda bolsa belgiýaly Hans Wanaken hasaby has-da artdyrdy — 1-3. Goşmaça wagtda, 90+3-nji minutda tejribeli hüjümçi Romelu Lukaku özüniň ajaýyp goly bilen oýnuň gutarnykly hasabyny kesgitledi.
Şeýlelikde, 1-4 hasabynda ýeňiş gazanan Belgiýanyň milli ýygyndysy çärýek finala çykdy.
Çärýek finalda Ispaniýanyň ýygyndysy Belgiýanyň ýygyndy topary bilen duşuşar.
