2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň iň gyzykly tapgyry başlanýar. Çärýek finaldan üstünlikli geçen iň güýçli dört ýygyndy – Fransiýa, Ispaniýa, Angliýa we Argentina indi finala çykmak ugrunda göreşer.
Fransiýa – Ispaniýa
Soňky ýyllaryň iň durnukly ýygyndylarynyň ikisi biri-birine garşy çykyş eder. Fransiýa çärýek finalda Marokkony 2:0 hasabynda ýeňdi. Ispaniýa bolsa Belgiýany 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Fransiýa we Ispaniýa taryhda 38 gezek duşuşyp, şolaryň 18-sinde ispanlaryň, 13-sinde iňlisleriň ýeňşi bellige alnypdy. 7 oýun bolsa deňlikde tamamlanypdy.
Olaryň 2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynyň ýarym finalyndaky oýnunda Ispaniýa 2:1 hasabynda üstün çykypdy.
Geçen ýylyň iýunynda bolan UEFA-nyň Milletler ligasyndaky oýun hem ispanlaryň peýdasyna tamamlandy — 5:4.
Nobatdaky duşuşykda taktikanyň, topa eýelik etmegiň we ýyldyz futbolçylaryň ussatlygynyň möhüm orny eýelejekdigi bellenilýär.
Angliýa – Argentina
Angliýa çärýek finalda Norwegiýany 2:1 hasabynda ýeňdi, Argentina bolsa Şweýsariýany 3:1 hasabynda utdy.
Çeşmeler bu iki ýygyndynyň taryhda 15 gezek duşuşandygyny tassyklaýar. Şolaryň 6-synda Angliýa, 2-sinde Argentina ýeňdi. Galan 7-si bolsa deňlikde tamamlandy.
Bu toparlaryň 1998-nji ýylyň dünýä çempionatynyň 1/8 finalyndaky oýny deňlikde tamamlanypdy (2:2), 11 metrlik urgularda bolsa 4:3 hasabynda Argentina ýeňipdi.
2002-nji ýylyň dünýä çempionatynyň toparçasyndaky duşuşykda bolsa 1:0 hasabynda (Dewis Bekhemiň penaltide geçiren goly) Angliýa üstün çykypdy.
Finala çykan iki ýygyndy dünýä çempionatynyň 19-njy iýulda geçiriljek esasy duşuşygynda çempionlyk ugrunda göreşer.
