Dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Argentina bilen Müsüriň milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen duşuşyk nobatdaky futbol baýramçylygynyň ýatdan çykmajak oýunlarynyň birine öwrüldi. Müsür ilkinji bolup hasaby açdy, soňra bolsa tapawudy 2 gola çykardy. Şeýlelikde, afrikaly futbolçylar çärýek finala çykmaga örän ýakyn geldiler.
Muňa garamazdan, Argentina oýnuň soňky minutlarynda hüjümlerini has hem artdyrdy we 79-njy minutda jogap toplarynyň birini geçirdi — 1-2. Soňra Lionel Messi (83-nji minut) hasaby deňledi. Goşmaça minutlarda bolsa Enso Fernandes ýeňiş goluny geçirdi. Şunlukda, Müsüriň ýygyndysyny 3:2 hasabynda utan Argentina çärýek finala çykdy.
Elbetde, Müsür güýçli garşylyk görkezdi, ýöne Messi we ýoldaşlary çärýek finalda çykyş etmäge hukuk gazandylar.
Şweýsariýa – Kolimbiýa: Ýeňijini penaltiler kesgitledi
Şweýsariýa bilen Kolumbiýanyň arasyndaky duşuşyk hem ýaryşyň iň dartgynly oýunlarynyň biri boldy. Duşuşygyň dowamynda Kolumbiýa hüjümde has işjeň görünse-de, Şweýsariýanyň goragçylary we derwezeçisi ýokary derejede çykyş edip, birnäçe howply hüjümlerden goranmagy başardylar.
Wankuwer şäherinde geçirilen oýunda 120 minutyň dowamynda hem hasap açylmady.
Goşmaça wagtda hem hasap üýtgemedi we ýeňiji penaltiler arkaly kesgitlendi. Şweýsariýanyň oýunçylary has sowukganly hereket edip, 4:3 hasabynda üstün çykdylar. Derwezeçi Gregor Kobeliň aýgytly seýfi toparyň ýeňşinde möhüm rol oýnady. Kolumbiýa mynasyp göreş alyp barsa-da, çempionat bilen hoşlaşmaly boldy.
Şweýsariýa çärýek finalda häzirki dünýä çempiony Argentina bilen duşuşar.
