Dünýä çempionatynyň 1/8 pleý-off tapgyry başlanýar: duşuşyklaryň geçiş tertibi bilen tanyş boluň!

MilliInfo

11 sagat öň

Dünýä çempionatynyň 1/8 pleý-off tapgyry başlanýar: duşuşyklaryň geçiş tertibi bilen tanyş boluň!

Şu gün — 4-nji iýulda 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň 1/8 finalynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy. «Milli-info.com» size çempionatyň 1/8 finalynyň oýunlarynyň tertibini hödürleýär.

DÇ-2026-nyň 1/8 final oýunlarynyň tertibi:

  • 04.07.2026. 22:00. Kanada – Marokko;

  • 05.07.2026. 02:00. Paragwaý – Fransiýa;

  • 06.07.2026. 01:00. Braziliýa – Norwegiýa;

  • 06.07.2026. 05:00. Meksika – Angliýa;

  • 07.07.2026. 00:00. Portugaliýa – Ispaniýa;

  • 07.07.2026. 05:00. ABŞ – Belgiýa;

  • 07.07.2026. 21:00. Argentina – Müsür;

  • 08.07.2026. 01:00. Şweýsariýa – Kolumbiýa.

Bu duşuşyklaryň «Türkmenistan.Sport» teleýaýlymynda göni efirde görkezilýändigini ýatladýarys.

2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçirilýär. Ýaryş 11-nji iýunda başlandy we 19-njy iýulda tamamlanar. Argentinanyň milli ýygyndysy dünýäniň häzirki çempionydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info