Ýurdumyzyň kikboksing boýunça milli ýygyndysy 21—30-njy noýabr aralygynda Abu-Dabi şäherinde (BAE) geçirilen Dünýä çempionatynda uly üstünlige eýe boldy. Bäsleşige dünýäniň 84 ýurdundan 1637 türgen gatnaşdy.
Milli ýygyndymyzyň iki wekili hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy: Atajan Atamyradow 54 kg çenli agram derejesinde «low-kick» (low-kik) görnüşinde altyn medal gazandy. Ýeňiji Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölüminiň esgeridir.
Pygy Silapow bolsa 57 kg çenli agram derejesinde «full-contact» (full-kontakt) boýunça dünýäniň çempiony boldy. Ol Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmensöwdahyzmat» döwlet kärhanasynyň hünärmeni wezipesinde zähmet çekýär.
Türkmen toparyna baýraklaryň ýene birini Toýlymyrat Ýegeleýew getirdi. Ol 79 kg çenli agram derejesinde «kick-light» (kik-laýt) görnüşinde bürünç medal gazandy. Zehinli türgen «Gülistan» söwda merkezinde işleýär.
Türkmen kikboksçylarynyň Abu-Dabi şäherindäki üstünligi ýurdumyzda söweş sungatynyň ýokary derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
