Dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyry garaşylmadyk täsirler bilen başlandy

MilliInfo

2 sagat öň

Dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyry garaşylmadyk täsirler bilen başlandy

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Braziliýanyň we Ýaponiýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki «En-Er-Ji Stedium» (NRG Stadium) stadionynda geçirildi. Braziliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary 2:1 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Ilkinji goly 29-njy minutda Ýaponiýanyň ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Kaişýu Sano geçirdi. Braziliýaly ýarymgoragçy Kazemiro bolsa 56-njy minutda hasaby deňledi. Braziliýanyň hüjümçisi Gabriel Martinelliniň 90+5-nji minutda oýnuň jemleýji netijesini kesgitlemegi (2:1) 1/8 finalda bagtyny synajak ýygyndylaryň ýene birini aýan etdi.  

1/8 finalda Braziliýanyň ýygyndysy Kot-d'Iwuar — Norwegiýa duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.

***

Germaniýanyň we Paragwaýyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk ABŞ-nyň Foksboro şäherindäki «Jillett» (Gillette Stadium) stadionynda geçirildi. Oýnuň esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. 11 metrlik urgularda bolsa paragwaýlylar güýçli çykdylar — 4:3.

42-nji minutda Hulio Ensiso hasaby açdy we Günorta Amerikanyň toparyny öňe saýlady. 55-nji minutda Germaniýanyň ýygyndysyndan Kaý Hawers hasaby deňlemegiň hötdesinden geldi. Elbetde, 102-nji minutda Germaniýanyň ýygyndysynyň goragçysy Žonatan Tanyň tapawutlanmagy ýewropalylarda az pursatlyk hem bolsa ýeňiş duýgusyny döretdi, emma VAR ulgamyna seredilenden soň, Waldemar Antonyň garşydaş toparyň derwezeçisine garşy düzgün bozandygy sebäpli, bu gol hasaba alynmady.

***

Niderlandlaryň we Marokkonyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk Meksikanyň Gwadelupe şäherindäki «BBVA» stadionynda geçirildi. Bu oýnuň hem esasy we goşmaça wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. 11 metrlik urgular bolsa Marokkonyň ýygyndysynyň indiki tapgyra geçendigini äşgär etdi — 3:2.

Oýundaky ilkinji goly 72-nji minutda Niderlandlaryň ýygyndysynyň hüjümçisi Kodi Gakpo geçirdi. Eminiň goşan wagtynda — 90+1-nji minutda hüjüme goşulan goragçy Issa Diopyň hasaby deňlemegi duşuşygyň uzaga çekmegine täsirini ýetirdi. Goşmaça wagtda hasap üýtgemedi. 11 metrlik urgularyň netijesi bolsa marokkolylaryň tarapynda boldy.

***

Şu agşam — 1-nji iýula geçilýän gije hem çempionatyň gyzykly duşuşyklary geçiriler.

22:00-da Kot-d’Iwuar — Norwegiýa, 02:00-da Fransiýa — Şwesiýa, ir bilen 06:00-da bolsa Meksika — Ekwador jübütleri duşuşar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info