Beýle ýagdaý dünýä çempionatynyň taryhynda häli-häzire çenli bellige alynmandy.
Dünýä çempionatyndaky birinji duşuşygynda Şwesiýanyň ýygyndysyndan 5:1 hasabynda asgyn gelen Tunisiň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Sabri Lýamuşi wezipesinden boşadyldy. Tunisli hünärmen bu ýygyndyny şu ýylyň ýanwaryndan bäri türgenleşdirýärdi. Şeýlelikde, onuň ornuna ozal Saud Arabystanynyň ýygyndysyny türgenleşdiren fransuz hünärmeni Erwe Renar bellenildi.
Ýeri gelende ýatlasak, Tunisiň futbol federasiýasy çempionatyň saýlama tapgyrynyň geçirilýän döwründe baş tälimçisini bäş gezek çalyşdy.
Görşümiz ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Meksikada hem-de Kanadada geçýän dünýä çempionaty futbolyň taryhyna garaşylmadyk täsirleri bagyşlaýar.
