Ýurdumyzda halkara atly sport we gözellik bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, ýurdumyzda dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi.

Döwlet toparyny döretmek hakyndaky resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň göz guwanjyna, asylly maksatlarynyň myradyna deňelýän, türkmen halkynyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gowy taýýarlyk görmek maksatlaryna esaslanýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info