18-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde kikboksing boýunça Dünýä kubogy tamamlandy. 47 döwletden 2700-den gowrak türgeni bir ýere jemlän abraýly ýaryş Türkmenistanyň ýygyndy toparyna hem uly üstünlik getirdi. Türkmen kikboksçylary 6 medala (2 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç medallar) eýe boldular.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Sünnet Bernäýew kikboksingiň ful kontakt görnüşinden 57 kg agramda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Kakajan Agaýew low kik ugry boýunça altyn medala mynasyp boldy.
71 kg agramda ringe çykan Türkmenistanyň Kikboksing federasiýasynyň türgeni Islam Rahmetow (low kik) hem-de 57 kg-de bagtyny synan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky harby bölüminiň esgeri Ýunus Hamraýew (K-1) çykyşlaryny kümüş medal bilen jemlediler.
Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň orta we ýöriteleşdirilen mekdepler, mekdepden daşary bilim edaralarynyň gurluşyk we üpjünçilik boýunça iženeri Mekan Begmämmedow (ful kontakt) 67 kilogram agram derejesinde, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Gülistan» döwlet söwda merkeziniň söwda bölüminiň esasy hünärmeni Toýlymyrat Ýegeleýew (kik laýt) bolsa 79 kilogram agramda bürünç medallara eýe çykdylar.
Biz türkmen kikboksçylaryny Dünýä kubogynda eýe bolan ajaýyň üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
