«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Mask taryhda baýlygy 700 milliard amerikan dollaryndan geçen ilkinji adam boldy. Bu barada «Forbes» habar berýär.
Häzirki wagtda milliarderiň emlägi 749 milliard amerikan dollaryna ýetdi.
Ýeri gelende bellesek, Ilon Mask oktýabr aýynyň ba şynda baýlygy 500 milliard amerikan dollaryna, 15-nji dekabrda bolsa 600 milliard amerikan dollaryna ýeten birinji adam bolupdy.
Ilon Maskdan soň dünýäniň iň gurply adamlary şulardyr: Larri Peýj (252,7 milliard amerikan dollary), Larri Ellison (242,8 milliard amerikan dollary), Jef Bezos (239,4 milliard amerikan dollary) we Sergeý Brin (233,2 milliard amerikan dollary).
