Dünýäniň iň meşhur owazlary türkmen paýtagtynda ýaňlandy

MilliInfo

4 Noýabr, 2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Dünýäniň owazlary» atly konsert geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew bilen Türkmenistanyň Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Baýramdurdy Hudaýnazarowyň sazyna, Berdinazar Hudaýnazarowyň sözlerine döredilen «Gülle, Bitarap Türkmenistan!» atly aýdym tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Mälim bolşy ýaly, bu aýdymy hemişelik Bitaraplygymyzyň gazanylan gününde Atageldi Garýagdyýew ilkinji gezek ýerine ýetiripdi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet hory ýaş aýdymçy Döwran Şammyýew bilen «Garriet» filminden «Stand up», Mukamlar köşgüniň «Meňli» tans topary bilen yşk, söýgi, gözellige bagyşlanan liriki eser hasaplanýan täjik aýdymy «Eý, sanam!», Türkmenistanyň Döwlet horunyň oglanlar topary bolsa sazy Şamämmet Bäşimowa, sözleri nusgawy şahyrymyz Mollanepese degişli bolan «Şirmaýy» atly aýdymy we Döwlet tans toparynyň tansçylary bilen gruzin aýdymy bolan «Gandaganany» ýerine ýetirdiler. Şeýle-de sungat ussatlarymyzyň ýerine ýetirmeginde amerikan kompozitorlary Benj Pasek bilen Jastin Paulyň «This is me», «You will be found», nemes kompozitory Karl Orfuň «O Fortuna» atly aýdymlary şowhunly garşylandy. «Titanik» filminden «My heart will go on» atly çykyş tansçylar Idris Hojaýew bilen Aýgül Kakaýewanyň tanslaryna utgaşyp, myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Konsertiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň «Joşgun» akapella çagalar hor toparynyň, Aşgabat şäheriniň 4-nji sungat mekdebiniň «Saýrak bilbiller» çagalar hor toparynyň, nebitgaz toplumynyň «Ruhubelent çagalar» tans toparynyň ajaýyp çykyşlary hem ýaş nesillerde ýakymly duýgulary döretdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info