Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de halkynyň adyna gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Olarda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan taryhy ähmiýetli işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegi, türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk arzuw edilýär.
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon öz gutlagynda ýurtlaryň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde hem pugtalandyryljakdygyna, halklaryň arasyndaky dostlugyň has-da berkidiljekdigine ynam bildirýär.
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy KARL III maşgalasy bilen ýollan gutlagynda iki ýurduň tagallalaryny birleşdirmegi arkaly ählumumy derejede howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde oňyn netijeleriň gazanyljakdygyny belleýär.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny tassyklaýar.
Belgiýanyň Patyşasy FILIPP Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna iň gowy arzuwlaryny ýollaýar
Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti Peter Pellegrini Watanymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Türkmenistanyň halkara derejede eýeleýän ornunyň has-da pugtalandyrylmagynda aýratyn sepgit bolup durýandygyna ünsi çekýär.
Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel ýurtlaryň arasyndaky dostluk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýandygyny beýan edýär.
Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç özara düşünişmek we goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär.

