Durdy Durdyýew bilen Umidjan Bazarowyň ajaýyp aýdymlary Awazada ýaňlanar

MilliInfo

17 Awgust, 2026

Durdy Durdyýew bilen Umidjan Bazarowyň ajaýyp aýdymlary Awazada ýaňlanar

Şu gün — 17-nji awgustda Awazanyň «Älemgoşar» seýilgähinde Durdy Durdyýew bilen Umidjan Bazarowyň konserti geçirilýär. Guramaçylar ildeşlerimizi ýurdumyzyň gözel künjeginde geçiriljek konsertiň myhmany bolup, bu ýerde medeniýetli dynç almaga çagyrýarlar.

Deňiz kenaryndaky dynç günleriňiziň has-da lezzetli bolmagyny isleýäňizmi? Onda şeýle täsirleri ajaýyp seýilgähden taparsyňyz.

Ýeri gelende bellesek, şunuň ýaly konsertler 20-nji awgusta çenli dowam edýär.

Şu günki konsert sagat 19:30-da başlanýar.

Giriş tölegsizdir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info