7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çeken «Demografik prosesler we durnukly ösüş: häzirki zamanyň wezipeleri we halkara tejribesi» atly halkara maslahat geçirildi. Ýokary guramaçylyk derejesinde guralan bu forum häzirki döwrüň möhüm demografik ýagdaýlaryny we olary durnukly ösüş maksatlary bilen utgaşdyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakda möhüm meýdança öwrüldi.
Maslahatyň dowamynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen bilermenler, alymlar we halkara guramalaryň wekilleri häzirki zamanyň durnukly ösüş wezipeleri boýunça tejribelerini paýlaşdylar. Çykyşlarda ilat sanynyň ösüş depgini, migrasiýa proseslerini dolandyrmak, maşgala gymmatlyklaryny goldamak hem-de adam maýasyny ösdürmek ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns çekildi. Şeýle-de milli we halkara tejribeleriň durnukly durmuş-ykdysady strategiýalary kemala getirmekdäki ähmiýeti barada giňişleýin bellenildi.
Demografiýa — ilatyň ösüş kanunalaýyklyklary, sany, düzümi, ýaýrawy, ýaş aýratynlyklary, adamlaryň bir ýerden başga ýere köpçülikleýin göçüşi bilen bagly şertleri öwrenýär. Demografiýa bu ugurlary ykdysady, durmuş we taryhy nukdaýnazarlardan öwrenmek bilen, geljekde bolup geçjek özgerişleri öňünden çaklamaga hem-de oýlanyşykly durmuş-ykdysady syýasaty işläp taýýarlamaga kömek edýär.
Aýry-aýry döwletleriň we bütin dünýäniň durmuş-ykdysady ösüşiniň binýady demografik şertlere daýanýar. Demografik şertler ýeke bir önüm öndürijileriň we sarp edijileriň möçberini däl, eýsem, döwletiň ösüş depginini hem kesgitleýär.
Halkara foruma gatnaşyjylar demografik prosesleri kämilleşdirmek, durnukly ilat ösüşini üpjün etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy täze şertlerde berkitmek boýunça anyk taslamalary hem-de teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.
