Ýönekeý tebigy önüm demgysma keseline kömek edip bilermi? Alymlar bu sowala «hawa» diýip jogap berýärler. Bu diňe düýe süýdi. Bu temadaky gözlegleriň netijelerini «PLOS One» žurnaly çap etdi.
Gözlegçiler näme tapdylar?
Täze halkara gözlegi düýe süýdüni içmegiň demgysma keseliniň agyrlygyny peseldýändigi, esasan hem, öýlerimizdäki esasy allergen bolan tozan bölejikleri sebäpli dem almakda döreýän kynçylyklaryň öňüni alýandygyny ýüze çykardy. Şeýle mikroskopik jandarlar öýlerdäki tozanda ýaşaýarlar we köplenç demi gysýan adamlarda kynçylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýarlar.
Kiçi jandarlarda geçirilen synaglaryň esasynda aşakda görkezilen täsirler bellige alyndy:
jandarlaryň dem alyş ýollary gyjyndyryjylara az duýgur boldy;
öýkeniň çişme derejesi peseldi;
allergiýa sebäp bolýan immun öýjükleriniň sany azaldy.
Bu nähili bolup geçýär?
Düýe süýdüniň immun ulgamyny «köşeşdirmäge» kömek edýändigi görkezildi:
allergiki täsirlere jogap berýän T-helperleriň derejesini peseldýär
dem alyş ýollarynyň çişmesini azaldýar;
adatça hüjümlere sebäp bolýan ýörite beloklaryň işjeňligini basýar.
Düýe süýdüniň sygyr süýdünden nähili tapawudy bar?
Ol diýseň baý:
Laktoferrin — immuniteti goldaýan belok;
köplenç demgysma keselinde ýetmezçilik edýän antikorlar (IgG);
saglygy gowulaşdyryp biljek witaminler, minerallar we antioksidantlar
Bu biz üçin nämäni aňladýar?
Gözlegler diňe haýwanlarda geçirilen bolsa-da, netijeler geljekde düýe süýdüniň demgysma bejergisiniň bir bölegine öwrülip biljekdigine umyt döredýär, esasan hem, önümi ulanmagy adat edinen ýurtlarda.
Eger, siz ýa-da ýakynlaryňyz demgysma, esasan hem, allergiki demgysma keselinden ejir çekýän bolsaňyz, düýe süýdüni öýkeniň tebigy saglygy hökmünde kabul edip bilersiňiz. Elbetde, ilki bilen lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň!