Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Italiýada geçýän «Erasmus+» maksatnamasyna gatnaşýarlar

MilliInfo

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara bilim giňişligindäki hyzmatdaşlygy täze sepgitlere gadam goýýar. Bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde uniwersitetiň iki talyby — Yhlas Kömekow we Soltanmyrat Tairow Ýewropa Bileleşiginiň «Erasmus+» talyp alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde geçýän bäş aýlyk okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasyna ugradyldy.

Häzirki wagtda talyplarymyz Italiýanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan G. d’Annunzio adyndaky Kiýeti-Peskara uniwersitetinde (Università degli Studi «G. d'Annunzio» Chieti - Pescara) öz ugurlary boýunça bilimlerini kämilleşdirýärler. Bu taslama Türkmenistanyň uniwersitetiniň talyplarynyň agzalan italýan uniwersiteti bilen amala aşyrýan ilkinji talyp alyş-çalyş tejribesi bolup, iki ýokary okuw mekdebiň arasyndaky bilim we medeni gatnaşyklaryň täze sahypasyny açýar.

Bu maksatnama talyplara diňe bir Ýewropa bilim standartlary bilen tanyşmaga däl, eýsem, halkara syýasaty we diplomatiýa ugrunda amaly tejribe toplamaga, daşary ýurtdillerini kämilleşdirmäge hem-de Türkmenistanyň bilim ulgamyny dünýä derejesinde tanyşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Peskara şäherinde geçýän bu okuw döwrüniň dowamynda talyplar dürli ýurtlardan gelen deň-duşlary bilen medeni we ylmy gatnaşyklary ýola goýup, özara düşünişmegiň hem-de dostlugyň berkemegine goşant goşýarlar.

Şeýle halkara bilim taslamalarynyň ilkinji gezek üstünlikli amala aşyrylmagy Watanymyzda amala aşyrylýan döwrebap bilim syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info