Dýu Plessi — Çimaýew: Ýeňiş kimiň tarapynda bolar we nirede göni ýaýlymda tomaşa edip bileris?

MilliInfo

15 Awgust, 2025

Hemmeleriň üns merkezinden ornuny tapan duşuşyga az wagt galdy. 17-nji awgustda Çikagonyň (ABŞ) «United Center» arenasynda söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşinden ajaýyp ýaryş — «UFC 319» geçiriler. Ýeri gelende bellesek, sportuň şu görnüşiniň muşdaklary Hamzat Çimaýewiň oktagona çykmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşypdylar. Ol Drikus dýu Plessiniň garşysyna çykýar.   

Drikus Dýu Plessi dürli söweş usullaryny birikdirip bilýän, uniwersal söweşijidir. El urgulary onuň esasy güýji. Günorta afrikaly çempion garşydaşlaryna demini dürsemäge hem mümkinçilik bermän, oktagonda diňe hüjüm usulyny görkezýär. Yzygiderli urgylary bilen, garşydaşynyň goragynyň gowşak taraplaryny tapýar.

Dýu Plessiniň göreşmek hem-de grepling ukyplary ýokary derejede. Ol hemişe hereketde bolýan hem-de orta agyrlykda çykyş edýän iň ezber garşydaşlaryň biri.

Boýy: 185 sm

Ýaşy: 31 ýaş

Rekordy: 23 ýeňiş, 2 ýeňliş

Hamzat Çimaýew — hakykatdan hem, «UFC-niň» ussat söweşijisi. Asly çeçen bolan Çimaýew fiziki güýç bilen tapawutlanýar we ony göreşde we greplingde ussatlyk bilen ulanýar. Onuň özboluşly hereketleriniň biri — çalt aýaga tarap geçişleri we emelleri.

Emma Çimaýew diňe göreş bilen çäklenmeýär. Ol aýak üstündäki tutluşykda hem birinji bolup hereket edýär. El we aýak urgylaryny ýerlikli ulanmagy başarýan Çimaýew ähli raundlaryň dowamynda ýeňişe tarap hyjuwyny görkezmegi başarýan türgendir.

Boýy: 187 sm

Ýaşy: 31 yaş

Rekordy: 14 ýeňiş, 0 ýeňliş

Dýu Plessi - Çimaýew duşuşygyny haçan we nirede görüp bolar?

Duşuşygyň 17-nji awgustda Aşgabat wagty bilen irden sagat 9:00-da başlanmagyna garaşylýar. Söweşe «Матч ТВ» we «Матч Боец» teleýaýlymlary arkaly tomaşa edip bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo