Dünýäniň ýedinji raketkasy, serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç we 19 ýaşly amerikaly türgen Lýoner Ten «US Open-2025-iň» birinji aýlawynda duşuşdy. Bu oýunda serbiýaly türgen garşydaşyny 6:1, 7:6 (7:3), 6:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi we «Uly Tuwalga» ýaryşlarynda başlangyç duşuşyklaryndaky bassyr 75-nji ýeňşine ýetdi.
«Opta Sport» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, Jokowiç Açyk eýýamda esasy tordaky ýekelikdäki bäsleşikde eýe bolan şeýle üstünlikleri bilen (erkekleriň ýa-da zenanlaryň arasynda) tapawutlanýan ilkinji türgendir. Açyk eýýam — bu professional tennisiň taryhynda 1968-nji ýylda başlanan häzirki döwür.
Jokowiçiň ikinji aýlawda amerikan tennisçileriniň ýene biri — Zahari Swaýdoý bilen duşuşjakdygyny ýatladýarys. Bu duşuşyk 27-nji awgustda geçiriler.