Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hem-de «MCT Agency» Aşgabatda «Eksport mekdebi — 2026» maksatnamasyna kabul edişligi yglan edýär

MilliInfo

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky «MCT Agency» konsalting kompaniýasy bilen bilelikde Aşgabatda geçiriljek «Eksport mekdebi — 2026» maksatnamasyna kabul edişligiň başlanandygyny yglan edýär.

Bu maksatnama eksport işine başlamagy meýilleşdirýän Türkmenistanyň önümçilik kärhanalary, şeýle hem hususy pudagyň eýýäm daşary bazarlarda işleýän we eksport amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, haryt iberilýän ýurtlaryň gerimini giňeltmäge hem-de halkara bazarlarynda öz ornuny pugtalandyrmaga çalyşýan wekilleri üçin niýetlenendir.

«Eksport mekdebi — 2026» — bu ýerli öndürijileriň eksport ukybyny ösdürmäge gönükdirilen amaly bilim maksatnamasydyr. Gatnaşyjylara eksport işiniň ähli esasy ugurlaryny öz içine alýan ýöriteleşdirilen maslahat okuwlaryna gatnaşmak mümkinçiligi garaşýar: bu ýerde kompaniýanyň halkara bazarlaryna çykmaga taýýarlygyna baha bermekden we geljegi uly ýurtlary saýlamakdan başlap, halkara marketingi, gepleşikler, sertifikatlaşdyrmak, logistika, şertnamalaýyn goldaw we maliýe gurallary ýaly meseleler öwrediler.

Maksatnamanyň çäklerinde amaly işlere aýratyn üns berler. Okuw modullaryna gatnaşmakdan başga-da, kompaniýalar bilermenlerden şahsy maslahatlary alyp bilerler we öz biznesleriniň hem-de wekilçilik edýän pudalarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda, şahsy eksport strategiýasyny bilelikde işläp taýýarlarlar.

«Eksport mekdebi» maksatnamasynyň amala aşyrylan döwründe Türkmenistanyň 50-den gowrak kompaniýasy eýýäm öz eksport pozisiýalaryny berkitmegi, täze bazarlara çykmagy we daşary ykdysady işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagy başardy.

Gatnaşmak üçin arzalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli dowam eder. Arzalary maksatnamanyň resmi saýtynda tabşyryp bilersiňiz.

Bu maksatnama önümçilik kärhanalary üçin amaly bilimleri we bilermen goldawyny almak hem-de täze halkara bazarlaryna ynamly çykmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info