Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky telekeçileri hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän taraplary «Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik işewürligini netijeli ýöretmek üçin korporatiw dolandyryşyň ähmiýeti» atly treninge gatnaşmaga çagyrýar. Trening 2025-nji ýylyň 7-8-nji oktýabyrynda Aşgabatda geçiriler.
Treningde Türkmenistanda kiçi we orta kärhanalar üçin häzirki zaman korporatiw dolandyryş standartlary ara alnyp maslahatlaşylar. Onuň maksatnamasy maşgala kompaniýalarynyň professional dolandyryşa nähili geçip biljekdigi, şeýle işewürligiň gurluşynda gözegçilik geňeşiniň nähili ornunyň bardygy hem-de sosial-ekologik we howa bilen bagly korporatiw dolandyryşyň nämedigi ýaly meseleleri özünde jemlär. Şeýle hem kompaniýanyň içinde hasabatlylygyň we jogapkärçiligiň çäkleriniň nähili kesgitlenmelidigi düşündiriler. Onuň maksady korporatiw dolandyryşyny kompaniýanyň strategiýasynyň we durnukly ösüşiniň binýadyna öwürmekdir.
Trening azyk önümlerini (et, süýji-köke, süýt önümleri we içgiler) hem-de azyk däl harytlary (dokma, aýakgap, kosmetika, hojalyk himiýasy, elektronika, mebel, kagyz, plastmassa we beýlekiler) öndürýän kärhanalar üçin niýetlenendir. Şol sebäpden hem, kompaniýalaryň eýeleri we menejment bölümleriniň wekilleri treninge gatnaşmaga çagyrylýar.
Treningi Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň binýadyndan bolan halkara bilermen Alma Nefiç alyp barar. Ol maşgala biznesleri bilen işleşmekde uly tejribesi bolan biznes-maslahatçydyr. Alma Nefiçiň ýöriteleşen ugurlaryna marketing hem-de satuw, korporatiw dolandyryş, täze brendleriň işe girizilmegi, brendleşdirmek/gaýtadan brendleşdirmek, önümleri derejeleýin dolandyrmak we şuňa meňzeşler girýär.
Orunlaryň sanynyň çäkliligi sebäpli, gatnaşyjylary saýlamak bäsleşik esasynda kesgitlener.Treninge gatnaşmak üçin 26-njy sentýabrdan gijä galman doldurylan arzalaryňyzy tabşyrmalysyňyz.
Aragatnaşyk ulgamlary:
Tel: +99363 296894 / Email: ovezovat@ebrd.com
Treninge gatnaşmak tölegsiz esasda alnyp barylýar. Ol Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň (ÝTÖB) ýörite gaznasy – ESSF tarapyndan maliýeleşdirilýär.