Duşenbe şäherinde «Bitewi saglyk» maksatnamasynyň sebitleýin utgaşdyryş geňeşiniň ilkinji sebitleýin maslahaty we mejlisi geçýär.
Forum degişli ministrlikleriň we edaralaryň, halkara guramalarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de raýat jemgyýetiniň wekillerini birleşdirip, sebitiň çäginde «Bir saglyk» çemeleşmesini bilelikde ösdürmek maksadyndan ugur alýar.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň — tebigaty goramak, oba hojalygy, saglygy goraýyş we derman senagaty, maliýe hem-de ykdysadyýet ulgamlarynyň wekillerinden ybarat bolan wekiliýet gatnaşýar.
Bäş döwlet bilen birlikde, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Bitewi saglyk» atly sebitleýin maksatnama pudaklaryň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmäge hem-de saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy we tebigaty goramak ulgamlarynyň durnuklylygyny berkitmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň wekilleri weterinar gözegçiligi, biohowpsuzlyk, epidemiologik howplara taýýarlyk we saglygy goraýyş ulgamyna ekologik nukdaýnazarlaryň integrasiýasy ýaly ugurlarda tejribe alyşmaga bagyşlanan tematik sessiýalarda çykyş edýärler.
Foruma gatnaşyjylaryň umumy pikirinde şu çäräniň sebitiň döwletleriniň arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlygyň esasyny goýjakdygy hem-de adamlaryň, haýwanlaryň saglygyna we daşky gurşawa abanýan howplaryň öňüni almaga hem-de olara jogap bermek boýunça ileri tutulýan ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigi tassyklanylýar. Munuň özi diňe bilelikdäki tagallalar arkaly Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşini we howpsuzlygyny üpjün etmegiň mümkindigini görkezýär.
Maslahatyň dowamynda Sebitleýin utgaşdyryş geňeşiniň Düzgünnamasy, şol sanda onuň ygtyýarlyklary, wezipeleri hem-de mümkinçilikleri hödürlener. Gatnaşyjylar Sekretariatyň taslamanyň ilkinji on iki aýynda ýerine ýetirmeli işleriniň meýilnamasyny seljermegi we ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.
Şunlukda, Merkezi Aziýa döwletleriniň taýýarlanan iş meýilnamasy, garaşylýan netijeler we «Bitewi saglyk» sebitleýin platformasynyň konsepsiýasy boýunça öz tekliplerini we belliklerini hödürlemegine garaşylýar. Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça gatnaşyjylar umumy hereketleriň utgaşdyrylmagy boýunça indiki ädimleri kesgitlärler we Geňeşiň indiki mejlisiniň senesini ylalaşarlar.
«Bitewi saglyk» Sebitleýin utgaşdyryş geňeşiniň işe başlamagy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda pandemiýalaryň öňüni almak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ekoulgamlaryň durnuklylygyny berkitmek ugrunda hemişelik hyzmatdaşlyk mehanizminiň ýola goýulandygyny alamatlandyrýar.




