Öz nesliniň iň soňky wekili: Dünýäde ýeke-täk ak žiraf

MilliInfo

10 Oktýabr, 2025

Dünýädäki ýeke-täk ak žiraf Keniýanyň Garissa okrugynda ýerleşýän «Ishaqbini Hirola» goraghanasynda ýaşaýar. Ol leýkizm diýilýän seýrek genetiki ýagdaý bilen doglandyr. Bu ýagdaý reňk pigmentleriniň bölekleýin ýitmegine sebäp bolýar. Leýkizm bilen kesellän haýwanlaryň gözleriniň reňki albinizmdäki ýaly däl-de, adaty görnüşinde galýar.

Bu žiraf ak reňkli urugyň awçylaryň elinden aman sypan ýeke-täk wekilidir.

Alymlar žirafy goramak üçin onuň kellesindäki ossikonlarynyň (kellesindäki şahlara meňzeş aýratynlyklary) birine gün energiýasy bilen işleýän GPS nyşanjygyny dakdylar. Bu enjam her sagatda onuň ýerleşýän ýerini alymlara iberýär. Şeýlelikde, goraghananyň işgärleri — reýnjerler onuň hereketini yzarlap bilýärler we howply hem-de töwekgelçilikli ýerlere baran halatynda, tiz wagtda haýwana kömege ýetişýärler.

Bu başlangyç Keniýada seýrek duş gelýän haýwanlary awçylardan goramak boýunça giň gerimli maksatnamanyň ähmiýetli bölegidir.

Ýabany tebigatyň yzygiderli howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýan dünýäsinde ýeke-täk aman galan ak žirafyň taryhy, tebigatyň näderejede «näzikdigini» ýatladýan täsirli bir duýduryş bolup hyzmat edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo