Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Seýit Jemaleddin metjidinde öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdi.
Gahryman Arkadagymyz Ahal ýaýlasynyň bezegine öwrülen metjidiň ýanynda mähirli garşylanyldy.
Mälim bolşy ýaly, Seýit Jemaleddin metjidi 2024-nji ýylyň martynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda açyldy. Ak bugdaý etrabynyň çäginde täze metjidiň bina edilmegi ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň subut edýär.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň üstünliklere beslenmeginiň we halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik maksatlaryň amal bolmagynyň hatyrasyna hem-de öten-geçenlerimizi ýatlap, sadaka berdi.
Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, gadymdan gelýän türkmençilik däpleriniň yslam dini bilen berk baglydygyny belledi. «Şonuň üçin türkmen halky her bir işe «Bismilla!» diýip, Allanyň ady bilen başlaýar. Haýyrly işleriň rowaç bolmagyny dileg edip, sadaka berýäris, ýagşy dilegler edýäris. Ýurdumyzdaky gonamçylyklaryň daş-töweregini arassa saklamaga hem uly üns berilýär. Şu gün hem biz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasyndaky Gurban ogly Welmyrat gonamçylygynda ýowara gatnaşyp, sogap iş etdik» diýip, hajy Arkadagymyz aýtdy we merhumlaryň ýatan ýerleriniň ýagty, jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagyny dileg etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy öten-geçenlerimizi hatyralamagyň sogap iş hasaplanýandygyny aýdyp, «Ölüsini sylan beg bolar, dirisini sylan — baý» diýýän halkymyzda ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlara uly hormat goýulýandygyny nygtady. Öten-geçenleri hatyralap, Seýit Jemaleddin metjidinde berilýän sadaka hem munuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň müftüsi asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessura eýerip, tebärek çykandan soňra, hajy Arkadagymyzyň berýän sadakasyna gatnaşyjylara nahar çekildi.
...Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Onda ösüşleriň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi, öten-geçenleri hatyralap okalan doga-dilegleriň, berlen sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy, hajy Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy dileg edildi.
Sadakadan soňra, hajy Arkadagymyz asman giňişliginde Aşyr aýynyň ilkinji günlerinde lowurdap dogan Aýy ýüzüne syldy we ýurdumyza abadançylyk, parahatçylyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyny dileg etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Seýit Jemaleddin metjidinde jemagat bilen bilelikde agşam namazyny okady. Üç rekagat parz we iki rekagat sünnet namazlary okalandan soňra, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, hajy Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly hajy Serdarymyzyň tutumly işleriniň has-da rowaçlanmagy arzuwlanyp, doga-dilegler edildi.
