Dünýä çempionatynyň oýunlaryna Özbegistanyň ýygyndy toparynyň wepaly janköýerleri hem geldiler we olaryň tribunadaky çykyşlary sport agzybirliginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Janköýerler diňe bir Özbegistanyň döwlet baýdagyny däl, eýsem Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, şeýle hem Azerbaýjanyň baýdaklaryny-da özleri bilen getirdiler.
Şeýlelikde, nobatdaky sport baýramçylygy adaty futbol goldawyndan has ýokary derejä çykdy. Goňşy döwletleriň bilelikde parlaýan baýdaklary Merkezi Aziýanyň dünýä arenasynda bitewi bir güýç hökmünde çykyş edýändigini aýdyň tassyklaýar.
Janköýerler stadionyň tribunalaryny halklaryň dostlugyny görkezýän meýdança öwürdiler we dünýä jemgyýetçiligine Merkezi Aziýa respublikalaryny birleşdirýän çuňňur taryhy hem-de medeni gatnaşyklary ýatlatdylar.
«Özbegistan oýnaýan mahaly, tutuş sebit oňa janköýerlik edýär. Biz bu ýerde diňe bir topar üçin däl — bütin Merkezi Aziýanyň wekili bolup çykyş edýäris» diýip, muşdaklar fan-zonalarda öz duýgularyny paýlaşdylar.
Janköýerleriň bu aýdyň aksiýasy eýýäm daşary ýurtly sport žurnalistleriniň ünsüni çekdi. Bu çäre futbolyň adamlary diňe bir meýdançada iki sany garşydaş tarapa bölmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň çäginden daşarda hem, sözüň doly manysynda, tutuş halklary birleşdirip bilýändiginiň janly subutnamasyna öwrüldi.
