Sebitiň ýurtlarynyň seýsmologlary Aşgabatda jemlendiler

MilliInfo

2 sagat öň

8-12-nji iýun aralygynda Aşgabatda milli maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezleri üçin sebit okuw maslahaty geçirilýär. Maslahat Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama Guramasynyň Taýýarlyk komissiýasy hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty tarapyndan bilelikde guraldy.

Sebit maslahatyna Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Özbegistandan we Täjigistandan gelen wekiller gatnaşýarlar. Maslahatyň maksady seýsmiki ýazgylary öwrenmek boýunça hünär endiklerini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek boýunça okuwlary (treningleri) guramakdan ybaratdyr.

1996-njy ýylda Türkmenistan Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama gol çekdi. Bu halkara şertnamasynyň maksady ýadro ýaragynyň ýaýradylmagynyň öňüni almak, ýadro energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak ulgamynda hyzmatdaşlyga ýardam bermek we ýadro ýaragsyzlanmasy maksadyna ýetmegi öňe sürmekdir.

Häzirki sebit maslahaty şanly senä — Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnamanyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info