Ekinleriň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy: Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde täze hünär açyldy

MilliInfo
Ekinleriň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy: Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde täze hünär açyldy

Şu okuw ýylyndan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde oba hojalyk ekinleriniň genetikasy, seleksiýasy we tohumçylygy hünäri hereket edip başlaýar. Bu hünär boýunça talyplar Türkmenistanyň oba hojalygynda azyk bolçulygyny döretmek üçin seleksiýada sort döretmegiň kämil usullaryny özleşdirerler. Olara seleksiýanyň esasynda genetikanyň häzirki zaman barlag usullaryny, bu ugurda häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny öwretmek göz öňünde tutulýar.

Täze hünär arkaly talyplar oba hojalygy üçin gerek bolan sortlary döretmegi, ösümlikleriň genotip düzümini öwrenmek bilen, subtropiki we tropiki şertlerde ösýän ösümlikleri Türkmenistanda ösdürip ýetişdirmek hem-de olaryň ýerli sortlaryny döretmek endiklerine eýe bolarlar.

Türkmenistanda oba hojalyk önümçiliginiň ösüş depginini ýokarlandyrmak üçin oba hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny döretmek işlerine aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmek, daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan önümleri öndürmek, oba hojalygyny düşewüntli pudaga öwürmek, daşary ýurtlara azyk önümlerini eksport etmek mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info