«#ForOurPlanet»: aşgabatly mekdep okuwçylaryna tebigata aýawly çemeleşmek öwredilýär

MilliInfo

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy ýurdumyzyň Tebigaty goramak jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, 2026-njy ýylyň «#ForOurPlanet» ählumumy kampaniýasynyň çäklerinde, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdepde «Eko-mentorlyk» (Ekologiýa terbiýesi) atly synag taslamasyny amala aşyrdy.

29-njy aprelden başlap, 23 meýletinçiden ybarat topar 5-nji, 6-njy we 7-nji synplaryň okuwçylary üçin 25 sany interaktiw ders geçirdi. Bu sapaklar okuwçylary esasy ekologiýa meseleleri, şol sanda ynsan işjeňliginiň tebigata ýetirýän täsiri, ekologiýa endiklerini kemala getirmek, jogapkärli sarp ediş we galyndylary gaýtadan ulanmak arkaly olary azaltmagyň ähmiýeti bilen tanyşdyrdy.

Dersler gysgaça umumy sapaklary we toparlaýyn işleri özünde jemledi. «Zatlara ikinji ömri ber» diýlip atlandyrylan maşklaryň biri okuwçylary toparlara bölünip işlemäge we gündelik durmuşda ulanylýan zatlary gaýtadan ulanmagyň ýollaryny tapmaga höweslendirdi. Okuwçylar kiçijik ädimleriň hem zibil mukdaryny azaltmaga we materiallaryň hyzmat möhletini uzaltmaga kömek edip biljekdigine göz ýetirdiler.

Her bir dersiň ahyrynda meýletinçiler gündelik durmuşda tebigata ideg etmegiň ähmiýetini ýatladyp durmagy üçin synplara öý ösümligini simwoliki sowgat hökmünde gowşurdylar.

Şeýle hem mekdebiň çäginde bag ekmek çäresi geçirildi. Bu çärä okuwçylar, meýletinçiler, ÝB-niň wekilhanasynyň işgärleri we mekdep administrasiýasy gatnaşdy. Gatnaşyjylar bag ekmek işine işjeň gatnaşyp, mekdebiň töweregini abadanlaşdyrmaga öz goşantlaryny goşdular.

Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasy mekdebiň ýaşyl zolaklaryna durnukly ideg etmek we suw serişdelerini netijeli ulanmak maksady bilen, damjalaýyn suwaryş enjamlaryny sowgat berdi.

«Eko-mentorlyk» (Ekologiýa terbiýesi) synag taslamasy okuwçylara-da, meýletinçilere-de amaly bilimleri hem-de tejribeleri berdi. Taslamanyň ahyrynda meýletinçilere bitiren işleri üçin sertifikatlar gowşuryldy. Emma iň esasy zat, olar geljekde ulanyp we başgalara hem ýetirip biljek gymmatly bilimlerini artdyrdylar.

Bu taslama ekologiýa biliminiň, ýaşlaryň işjeňliginiň we amaly çäreleriň utgaşmasy arkaly Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda tebigata has jogapkärli we aýawly çemeleşmegiň kemala gelip biljekdigini görkezdi.

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy 135-nji orta mekdep bilen bagy-bossanlyga öwürmek we oňyn ekologiýa tejribelerini ornaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info