Düýn — 5-nji maýda Oba hojalyk toplumynyň binasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, iri halkara hem-de sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
...Maslahatyň umumy mejlisiniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerine bagyşlanan sergini synladylar. Soňra maslahat öz işine başlady.
Maslahatda, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we halkymyza iberen Gutlagy okaldy.
Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýanyň kabul edilmegi, Pariž ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandynyň tassyklanylmagy, ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Soňra halkara we sebit guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Ilki bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko söz berildi. Ol Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, bu möhüm duşuşygy guraýandygy we Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýandygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan çykyş etdi. Ol Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli maslahata gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, şeýle möhüm çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, BMG tarapyndan esaslandyrylan bu sene tebigaty goramak ugrunda habarlylygy ýokarlandyrmakda hem-de durnukly ösüşiň ilerledilmeginde wajyp ähmiýete eýedir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna çykyşynda şu çärä gatnaşmagyň özi üçin hormatdygyny belläp, ÝUNISEF-niň howanyň üýtgemegine diňe bir ekologiýa meselesi hökmünde däl-de, eýsem, gönüden-göni çagalaryň geljegi bilen bagly mesele hökmünde garaýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, howanyň üýtgemegi çagalaryň saglygyna, bilim derejesine, iýmitlenişine, howpsuzlygyna, netijede, durmuşdaky ähli mümkinçiliklerine täsirini ýetirýär.
Maslahatyň dowamynda halkara guramalaryň we sebitleýin edaralaryň wekilleri sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni tutuş adamzat üçin möhüm sene bolup, tebigata aýawly garamagyň we daşky gurşawy goramagyň umumy jogapkärçiligimizdigini ýatladýar.
Umumy mejlis tamamlanandan soňra, ylmy-amaly maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi. Olarda halkara bilermenleriň, hünärmenleriň we ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenilip, giňişleýin pikir alyşmalar guraldy.
Şeýlelikde, şu gezekki ylmy-amaly maslahat ählumumy ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, biodürlüligi gorap saklamak we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Maslahatyň dowamynda beýan edilen garaýyşlar geljek nesilleriň abadan durmuşynyň bähbidine has «ýaşyl» we durnukly dünýäni kemala getirmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi.