Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubynyň hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda «Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi» atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Çäre ýaşlaryň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak, tebigaty goramak hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek maksady bilen guraldy.
Ilki bilen, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň ähmiýeti, tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamagyň wajyplygy hem-de häzirki döwürde ekologiýa diplomatiýasynyň orny barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy, milli mirasymyzy hem-de tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada aýratyn nygtaldy.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan halkara konwensiýalara işjeň gatnaşmak bilen, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, çölleşmäge garşy göreşmek hem-de daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Wagyz-nesihat duşuşygy amaly işler bilen utgaşdyryldy. Talyplar institutyň çägindäki baglara ideg etmek, ýaşyl zolaklary abadanlaşdyrmak hem-de arassalamak boýunça işlere işjeň gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda aýratyn işjeňlik görkezen talyplar «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy.
Guramaçylaryň bellemeklerine görä, şeýle çäreler ýaşlaryň daşky gurşawa bolan jogapkärçiligini artdyrmakda, ekologik diplomatiýanyň esaslaryny öwrenmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny goldamak ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.