Aşgabatda «Xiaomi» ekoulgamy: kompaniýanyň ýurdumyzdaky resmi dilerinde smart-sagatlardan «akylly» öý enjamlaryna çenli

MilliInfo
Aşgabatda «Xiaomi» ekoulgamy: kompaniýanyň ýurdumyzdaky resmi dilerinde smart-sagatlardan «akylly» öý enjamlaryna çenli

Häzirki zaman dünýäsinde tehnologiýalar eýýäm ep-esli wagt bäri diňe bir gyzyklanma bolman, gündelik rahatlygymyzyň esasyna öwrülen bolsa, «Xiaomi» brendi elýeterli innowasiýalaryň hakyky sinonimi boldy. Aşgabatda «Xiaomi» kompaniýasynyň Türkmenistandaky ygtyýarly resmi dileri üstünlikli işläp gelýär, ol müşderilere brendiň ajaýyp ekoulgamyna mi.com.tm saýty we ýöriteleşdirilen söwda nokady arkaly aralaşmaga mümkinçilik döredýär.

Dükanyň esasy aýratynlygy original önümleriň giň toplumynda jemlenýär. Alyjylar işjeň ses basyjy wezipesi bilen tapawutlanýan simsiz gulaklyklary, akylly sagatlary we saglygy hem-de işjeňligi yzygiderli gözegçilikde saklamaga kömek edýän meşhur «Mi Band» fitnes-bileziklerini saýlap bilerler.

Kompaniýanyň resmi wekili öý rahatlygy baradaky düşünjäni bütinleý üýtgedip biljek «akylly öý» konsepsiýasyna aýratyn üns berdi. Bu ýerde öz-özüni arassalaýan dok-stansiýaly robot-tozansorujylary, kuwwatly wertikal simsiz tozansorujylary, howany arassalaýjy we çyglandyryjy ýaly klimat tehnikalaryny, şeýle-de akylly çaýnekleri, multiwarkalary we blenderleri tapyp bilersiňiz. Multimedia zolagy bolsa ýokary hilli mazmuna (kontente) baha berýänleri ykjam «Mi TV Stick» önümleri (pristawkalary), täze nesil ýokary tizlikli Wi-Fi routerleri we dury ses berýän portatiw ses ulgamlry bilen begendirer.

«Xiaomi» brendi sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlary we işjeň dynç almagy söýýänler barada hem yzygiderli alada edýär. Dükanyň assortimentinde döwrebap öý maşk enjamlary, ykjam ylgaw ýodajyklary, beden ölçeglerini jikme-jik seljerýän akylly tereziler bar. Şeýle-de, alyjylar bu ýerde gündelik durmuş üçin peýdaly bolan köp sanly aksessuarlary tapyp bilerler: ergonomik rýukzaklar, awtomatik saýawanlar we hünärmenler üçin atwýortka toplumlaryndan başlap, saç guradyjy, trimmer we elektrik sakgal syryjy ýaly gözellik hem ideg enjamlaryna çenli önümler bar.

Resmi diler derejesi kompaniýa her bir harydyň ýüz göterim originallygyna we araçysyz göni üpjünçilige kepil geçmäge mümkinçilik berýär. Dükan öz enjamlaryny täzelemek isleýän bölekleýin alyjylar üçin hem, sebitdäki iň amatly bahalardan ygtybarly lomaý söwda etmäge gyzyklanýan telekeçiler üçin-de maksimal derejede çeýe we bähbitli şertleri hödürleýär.

Ähli akylly tehnikalar bilen ýakyndan tanyşmak, hünärmen maslahatyny almak we enjamlary özüňiz synap görmek üçin Aşgabat şäheriniň Oguzhan köçesiniň ugrunda ýerleşýän «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkeziniň o-njy gatyndaky B124 belgili dükana baryp bilersiňiz. Harytlaryň bardygy barada bilmek, lomaý hyzmatdaşlygyň jikme-jikliklerini anyklamak ýa-da sargyt etmek üçin +993 12 42-21-20 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz, şeýle-de döwrebap satyn almalar üçin mi.com.tm resmi web-saýtyndan peýdalanmak mümkinçiligi hödürlenilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info