BMGÖM türkmen hünärmenleri üçin gymmatly kagyzlar bazary boýunça okuw geçirdi

MilliInfo

1 sagat öň

BMGÖM türkmen hünärmenleri üçin gymmatly kagyzlar bazary boýunça okuw geçirdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň maliýe bazarlaryny ösdürmek üçin institusional we kadalaşdyryjy gurşawy pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde BMGÖM-niň halkara bilermenleri tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Aşgabat gazna biržasynyň hünärmenleri üçin «Gymmatly kagyzlar bazarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi we onuň möhüm meseleleri» atly hünär derejesini ýokarlandyryş boýunça onlaýn okuw geçirildi.

Okuw maksatnamasy häzirki zaman gazna bazarlarynyň işiniň esasy ugurlaryny öz içine aldy. Onda paýnamalaryň we obligasiýalaryň çykarylyşyny hukuk taýdan düzgünleşdirmekden başlap, dellalçylyk we depozitar işiniň aýratynlyklaryna çenli dürli meseleler öwrenildi. Gatnaşyjylar ynançly dolandyryş gurallaryny ulanmagyň tejribesini, paýly maýa goýum gaznalarynyň işini, birža söwdasynyň we kliringiň mehanizmlerini, şeýle hem maýadarlaryň hukuklaryny goramak we nädogry amallaryň öňüni almak boýunça halkara tejribesini jikme-jik öwrendiler.

Okuw diňe bir gatnaşyjylara hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga mümkinçilik bermän, eýsem, gymmatly kagyzlar bazarynyň milli infrastrukturasyny ösdürmekde öňdebaryjy halkara tejribesini ýerli şertlere uýgunlaşdyrmak üçin amaly gurallary hem hödürledi. Çäre gatnaşyjylaryň içerki maliýe pudagynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin zerur bolan kadalaşdyryjy mehanizmleri kemala getirmek boýunça bitewi çemeleşmeleri işläp taýýarlamagyna ýardam etdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info