Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň kabul eden myhmanlarynyň sany 2 milliondan geçdi. Bu barada ekspozisiýanyň resmi saýtynda mälim edildi.
Pawilýonyň wekilleri myhmanlaryň sanynyň has-da artýandygyny habar berýärler. Munuň özi Türkmenistanyň döwrebap ösüşlerine hem-de üstünliklerine, türkmen medeniýetine gyzyklanmanyň uludygyny tassyklaýar.
Pawilýonyň konsepsiýasynyň binagärliginde milli nusgalar döwrebap çözgütler bilen utgaşýar. Bu bolsa oňa gyzyklanmany has-da artdyrýar. Myhmanlar bu ýerde birnäçe tematiki bölümleriň, innowasion tehnologiýalara bagyşlanan maglumatlaryň, Watanymyzyň gaýtalanmajak medeni mirasynyň şaýady bolýarlar. Türkmen halylarynyň toplumy, halk senetçiliginiň nusgalary hem-de milli aşhanamyzyň tagamlaryndan dadyp görmek mümkinçiligi serginiň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri döredýär.
Sergi 13-nji oktýabra çenli dowam eder.

