«El-klassiko» ýakynlaýar: haýsy çeşmeden göni efirde tomaşa edip bileris

MilliInfo

24 Oktýabr, 2025

26-njy oktýabrda — ýekşenbe güni Aşgabat wagty bilen 20:15-de millionlarça janköýeriň iň sabyrsyzlyk bilen garaşýan duşuşygy — «el-klassiko» geçiriler.

Madridiň «Realy» La Liganyň 10-njy tapgyrynyň çäginde Katalonyň «Barselonasyny» kabul eder.

Bu duşuşyk «Матч ТВ! Футбол – 2» teleýaýlymynda göni efirde görkeziler.

«Realda» Ronaldunyň, «Barselonada» bolsa Messiniň ýokdugyna garamazdan, «el-klassiko» hemmeleriň iň bir sabyrsyzlyk bilen garaşýan oýny bolmagynda galýar. Çünki ezeli garşydaşlaryň hiç haçan meşhurlygyny ýitirmejek oýny futboluň jadyly dünýäsini iň täsirli pursatlar bilen bezeýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo