Elektron wiza bilen Russiýada bolmagyň möhleti 30 güne çenli uzaldyldy

MilliInfo

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýeke-täk elektron wizanyň güýjüni 120 güne, Russiýada galmagyň möhletini 30 güne çenli ýokarlandyrýan kanuna gol çekdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Täze düzgün kanunyň resmi taýdan çap edilen gününden 30 gün soň güýje girer.

Russiýa Federasiýasynyň Watanymyzdaky ilçihanasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň 3,2 müň raýaty elektron wiza alypdyr. Bu barada 17-nji uýlda «Известия» gazetine beren interwýusynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin belledi.

Elektron wiza syýahatçylyk, işewürlik, ynsanperwerlik we myhman bolmak maksatlary üçin Russiýada bolmaga mümkinçilik berýär. Arza Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ýörite portalynyň üsti bilen ýollanylýar, töleg bank karty arkaly amala aşyrylýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo