Ýelena Rybakina «US Open» ýaryşynyň ýeňijisi boldy

MilliInfo

6 sagat öň

Ýelena Rybakina «US Open» ýaryşynyň ýeňijisi boldy

Gazagystanly tennisçi Ýelena Rybakina ABŞ-nyň açyk çempionatynyň (US Open) finalynda Belarusyň adyndan çykyş edýän Arina Sobolenkony ýeňdi. Duşuşyk 2:1 hasabynda (6:4, 5:7, 6:2) tamamlandy. Oýun 2 sagat 21 minut dowam etdi.

«US Opende» gazanan ýeňşinden soň Rybakina WTA-nyň reýtinginde birinji orna çykar. Gazagystanly tennisçi bu derejä ilkinji gezek eýe bolar. Ol birinji orundan Sobolenkony düşürer. Belarusly tennisçi zenan bolsa ikinji orna geçer.

Rybakina üçin bu «Uly tuwulga» ýaryşlaryndaky üçünji çempionlyk ady boldy. Ol 2022-nji ýylda Uimbldon ýaryşynda ýeňiş gazanypdy, şu ýylyň başynda bolsa «Australian Open» ýaryşynyň çempionlygyna ýetdi.

Erkekleriň finalynda birinji belgi bilen çykyş eden germaniýaly Aleksandr Zwerew amerikaly Ben Şeltondan üstün çykdy — 6:3, 7:6, 5:7, 6:2.

Duşuşyk 3 sagat 32 minut dowam etdi. Bu 29 ýaşly Zwerewiň karýerasyndaky «Uly tuwalga» ýaryşlarynyň ikinji çempionlyk ady boldy. Zehinli tennisçi olaryň ikisini hem şu möwsümde gazandy. Iýun aýynda germaniýaly ussat «Roland Garros» ýaryşynda ýeňşe ýetdi. Bu iki kubok onuň 2026-njy ýyldaky derejeleridir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info