«Emirates» awiakompaniýasy «Travel Guard» ätiýaçlandyryş kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «2026 Emirates Comprehensive Travel Cover» atly özboluşly hyzmat toplumyny işe girizdi. Bu harby hereketler we beýleki hüjümler zerarly dörän lukmançylyk çykdajylaryny hem-de syýahatdaky bökdençlikleri doly öz içine alýan ilkinji syýahatçylyk ätiýaçlandyryşydyr.
Bu mümkinçilik Pars aýlagy sebitine uçýan syýahatçylaryň ynamyny dikeltmäge niýetlenendir. Ýakyn Gündogarda ýagdaýlaryň ýitileşen wagtynda jahankeşdeler syýahatlaryny köpçülikleýin ýatyrýardylar, sebäbi adaty ätiýaçlandyryş polisleri uruş zerarly dörän öňüni alyp bolmajak ýagdaýlary öz içine almaýardy, ätiýaçlandyryjy kompaniýalar bolsa tölegleri tölemekden köpçülikleýin ýüz öwürýärdiler.
Polis hökümetleriň resmi maslahatlaryna garamazdan, hereketini dowam etdirýär we görlüp-eşidilmedik şertleri hödürleýär:
Harby töwekgelçilikleri ätiýaçlandyryş: 25 000 dollara çenli bejergi çykdajylarynyň öwezini dolmak we adatdan daşary ýagdaýlarda syýahatyň möhletini 30 günläp mugt uzaltmak mümkinçiligi.
Gyssagly göçürmek: Ýolagçylary ýurtdan gyssagly çykarmak üçin çäksiz maliýeleşdirme.
Howa giňişliginiň ýapylmagy: Howa ýollary ýapylan ýagdaýynda «Emirates» myhmanhanada galmak we biletleri täzeden bronlamak çykdajylaryny öz üstüne alýar.
Doly öwezini dolma: Gatnawyň ýatyrylmagy ýa-da goşlaryň ýitirilmegi üçin doly töleg.
«Emirates» özüniň gerimi we döwlet goldawy esasynda «Travel Guard» bilen täzeçil şertler boýunça ylalaşmagy başardy we bazarda zynjyrly täsire badalga berdi. Meselem, bäsdeşlik edýän «Etihad Airways» eýýäm daşary ýurtlulara 15 günläp mugt lukmançylyk kömegini bermäge başlady, «Qatar Airways» bolsa şuňa meňzeş toplumy girizmegi göz öňünde tutýar.
«Biz syýahatlara bolan islegiň ýokarydygyna, emma bazarda ygtybarly goragyň ýetmezçilik edýändigine düşündik. «Travel Guard» bilen bilelikde biz pudakda täze standartlary kesgitleýän önümi döretdik» diýip, «Emirates» kompaniýasynyň prezidenti ser Tim Klark nygtady.
