«Emirates» awiakompaniýasy özüniň resmi saýty we ykjam goşundysy arkaly petekleriň tölegi hökmünde kriptowalýutany kabul edip başlady. Taslama «Crypto.com» kriptoplatformasy bilen bilelikde amala aşyryldy we häzirki tapgyrda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) dirhamynda ýerine ýetirilýän bronlamalara degişlidir.
Daşaýjy kabul edilýän teňňeleriň anyk sanawyny açyk çap etmedik hem bolsa, «Crypto.com» platformasynyň düzümi 400-den gowrak sanly aktiwler bilen işleşmäge mümkinçilik berýär. Olaryň arasynda Bitcoin, Ethereum, Solana, USDT we USDC steýblkoinleri, şeýle hem Cronos tokeni bar. Täze hyzmatyň girizilmegi syýahatlaryny meýilleşdirenlerinde sanly maliýe serişdelerinden işjeň peýdalanýan müşderilere gönükdirilendir.
«Emirates» sebitde blokçeýn-çözgütlerini ornaşdyrýan ýeke-täk awiakompaniýa däl: 2025-nji ýylyň maý aýynda «Air Arabia» loukosteri hem BAE-niň ilkinji milli steýblkoini bolan AE Coin arkaly tölegleri kabul edip başlapdy.
