Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

MilliInfo
Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Bu barada «TDH» habar berdi.

Ol häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bellemegiň ýakymlydygyny nygtady we Türkmenistanyň ygtybarly ösüşi, halkara abraýynyň has-da belende galmagy üçin berk binýady döretmäge gönükdirilen syýasatyň amala aşyrylýandygyny tassyklady. Munuň özi şu ýyl şanly 35 ýyllygy bellenilýän döwlet Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Emomali Rahmon ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtady:

«Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary hem-de döredijilikli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak meselelerine hemişe uly üns berýändigiňize ýokary baha berýärin» .

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti haklaryň abadançylygynyň bähbidine döredijilikli gatnaşyklary mundan beýläk-de ilerletmek boýunça bilelikdäki işi dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belleýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info