Köp çagaly enelere sylaglary we täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary guraldy

MilliInfo

7 sagat öň

Paýtagtymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdirýän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.

«Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan eneleri hormatlamak dabarasy hem ýurdumyzda zenan mertebesiniň belentdedigini görkezen ajaýyp wakalaryň biri boldy. Şunda ýurdumyzda zenanlara dürli döwlet ýeňillikleri berilýär, olaryň döwrebap derejede ýaşamaklary, zähmet çekmekleri üçin şertler döredilýär. Netijede, zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşda eýeleýän orny ýokarlanýar. Bu bolsa jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir. Müňýyllyklaryň dowamynda halkymyz maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligini gorap, geljek nesillere ýetiripdir.

...Şol günki dabaralar hem baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdirýän eneler «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp boldular. Munuň özi eneleriň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň, Watanymyzyň rowaçlygyna, gülläp ösüşine goşýan goşandynyň ýokary derejede ykrar edilýändigini görkezýär.

Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamaga, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Ine, şu ýyl hem Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalar ýokary amatlykly täze öýleriň eýeleri bolup, uly ruhubelentlik bilen jaý toýlaryny toýladylar. Paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda geçirilen dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, bagtyýar durmuşda ýaşamak, zähmet çekmek babatda döredilýän amatly şertler, ýaş nesiller barada edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerim aldy. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelerden başlap, eneleriň, zenanlaryň, gelin-gyzlaryň hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryna eýe bolmaklary olaryň baýramçylyk şatlygyny has-da belende göterdi.

***

Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdirýän enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary Diýarymyzyň welaýatlarynda-da geçirildi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info