Türkmenistan we «Orient Petroleum Inc.» hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

MilliInfo

12-nji martda Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda «Orient Petroleum Inc.» kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Kamran Ahmadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Taraplar iki ýurduň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, ony energetika ulgamynda mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Şu nukdaýnazardan türkmen tarapy ýurduň energetika pudagynyň eksport mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Tebigy gazyň dünýäde öňdebaryjy öndürijileriniň biri hökmünde Türkmenistanyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, uglewodorod serişdelerini gazyp almak we gaýtadan işlemek boýunça öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, şeýle hem dünýäde energiýa serişdeleri babatda artýan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge üns berýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info