Altyn güýzüň ilkinji gününde — 1-nji sentýabrda Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Institutyň täze desgalarynyň gurluşygy Energetika ministrliginiň buýurmasy esasynda «Röwşen» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasy, 800 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy bar. Goşmaça okuw binasynda her biri 50 we 80 orunlyk umumy okuw otaglarynyň 18-si, 28 sany amaly okuw otagy, 6 kompýuter, 6 lingafon otagy, 57 sany okuw-tejribehana otagy ýerleşdirilendir. Bulardan başga-da, bu ýerde «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi, muzeý, ýaş alymlar otagy, kitaphana, elektron kitaphana, uly we kiçi IT meýdançalary, kibersport otagy, robot tehnikasy we emeli aň okuw otagy, 500 orunlyk mejlisler jaýy, kiçi mejlisler jaýy, döredijilik merkezi hereket edýär.
Tejribehanalardyr okuw otaglary dünýäniň iň kämil okuw enjamlary, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylandyr. Tejribe otaglarynda ornaşdyrylan Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Hytaýyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary elektroenergetika degişli okuwlary amaly şertlerde geçmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Täze okuw binasynda tebigy serişdelerden we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanýan ulgamlar döredilipdir. Bu ýerde ýagyş suwy ýörite howuzlarda toplanyp, arassalanyp, institutyň çägindäki baglary suwarmak üçin peýdalanylar. Binanyň üçeginde kuwwaty 132 kilowata deň bolan Gün panelleri oturdylandyr. Ol Gün energiýasyny elektrik energiýasyna öwürmek arkaly binanyň yşyklandyrylyşynda sarp ediljek ekologik taýdan arassa energiýa çeşmesini öndürer.