Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty talyp ýaşlary 24—28-nji mart aralygynda geçiriljek «Nazary mehanika» dersi boýunça V açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Oňa ýurdumyzdan hem-de daşary döwletlerden bolan talyp ýaşlar gatnaşyp bilerler.
Olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçirilýär. Açyk halkara internet olimpiadasynyň resmi iş dilleri – türkmen, rus we iňlis dilleri.
Bäsleşige islendik hünärde we islendik ýylda okaýan talyplar gatnaşyp bilerler. Onuň şahsy görnüşine her ýokary okuw mekdebinden sany 10-dan (ondan) köp bolmadyk talyp, toparlaýyn görnüşine düzümi 5 (bäş) talypdan köp bolmadyk 1 (bir) ýa-da 2 (iki) topar gatnaşyp biler. Mundan başga-da, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň birleşmeginden hem bir ýygyndy topar düzülip bilner.
Toparlaýyn hem-de şahsy bäsleşikleriň ýumuşlary olimpiadanyň geçirilýän güni institutyň «tdei.edu.tm» web sahypasynyň ýörite bölümine goýular.
Bäsleşigiň geçiriliş tertibi:
şahsy bäsleşige gatnaşyjylar 8 (sekiz) mesele çözerler. Meseleleri çözmäge beriljek wagt – 240 minut;
toparlaýyn bäsleşige gatnaşyjylar «Nazary mehanika» dersiniň dürli bölümlerine degişli 5 (bäş) meseläni çözmeli bolarlar. Meseleleri çözmäge beriljek wagt – 60 minut;
bäsleşigiň gidişine Zoom programmalary arkaly gözegçilik ediler.
«Nazary mehanika» dersi boýunça V Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we olaryň ýolbaşçy mugallymlary baradaky maglumatlary hasaba almak institutyň «tdei.edu.tm» web sahypasynda 15-nji marta çenli dowam edеr.
Olimpiadanyň geçiş tertibi:
(Aşgabat wagty bilen)
24.03.2026 ý.
10:00 – Internet olimpiadasynyň açylyşy.
11:00 – Şahsy bäsleşik.
15:00 – 15:30 – Meseleleriň çözüwlerini ýokary hilli suratda (pdf) ugratmak.
18:30 – Meseleleriň çözüwleri bilen tanyşdyrmak.
25.03.2026 ý.
11:00 – Toparlaýyn bäsleşik.
12:00–12:30 – Meseleleriň çözüwlerini ugratmak.
15:00 – Toparlaýyn bäsleşigiň netijelerini yglan etmek.
26.03.2026ý. – 27.03.2026ý.
– Şahsy bäsleşigiň meseleleriniň çözüwlerini barlamak.
– Şahsy bäsleşigiň deslapky netijelerini yglan etmek.
28.03.2026ý.
10:00 – Şahsy bäsleşigiň ahyrky netijelerini yglan etmek.
11:00 – Ýeňijileri yglan etmek we sylaglamak.
12:00 – Internet olimpiadasynyň ýapylyşy.
Habarlaşmak üçin:
tel.: +800 522 5-75-02, +993 64681023, +993 64207444
e-mail: tdei@tdei.edu.tm, energetikatdei@gmail.com