Sportuň we ajaýyp tagamyň energiýasy: «Ýüpekçi» taekwondo boýunça paýtagtymyzyň açyk birinjiliginiň şowhunyny artdyrýar

MilliInfo
Sportuň we ajaýyp tagamyň energiýasy: «Ýüpekçi» taekwondo boýunça paýtagtymyzyň açyk birinjiliginiň şowhunyny artdyrýar

Şu gün — 13-nji sentýabrda paýtagtymyzda taekwondo (ITF) boýunça Aşgabat şäheriniň açyk birinjiligi başlandy. Uly şowhun bilen badalga berlen ýaryşyň diýseň netijeli geçjekdigini ynamly aýdyp bolar. Çünki ajaýyp sport baýramy «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň hemaýatkärliginde geçýär. Onuň «Bold», «7gen», «Softea», «Näzli», «Real» we «Bulvar» haryt nyşanly meşhur içgileri, «Buzz» atly gara çaýy türgenleriň hem, janköýerleriňem iň söýgüli önümi hökmünde tanalýar. Biri-birinden tagamly hem täsirli gazlandyrylan we gazsyz içgiler ýaşlar üçin täze ýeňişlere höwesiň çeşmesidir.

Şunlukda, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda geçýän birinjilikde bäsleşýän ussatlar hem, olaryň janköýerleri-de «Ýüpekçiniň» önümleri bilen ýaryşyň lezzetini has-da içgin duýarlar. 

Aşgabat şäheriniň açyk çempionatynyň dartgynly tutluşyklaryny ýerinde synlamak isleýän hem-de türgenlere janköýerlik etmek isleýän sport muşdaklary üçin giriş tölegsizdir. Şonuň üçin hem, guramaçylar watandaşlarymyzy duşuşyklara ajaýyp ýaryşyň geçirilýän sport toplumynda tomaşa etmäge çagyrýarlar.

Ýaryşlara tomaşa ediň! Onuň iň gyzykly pursatlaryny «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň gaýtalanmajak lezzeti bilen utgaşdyryň! Bu siziň sport gurşawyna has içgin aralaşmagyňyza mümkinçilik döreder.

«Ýüpekçiniň» lezzetli içgileri bilen gyzykly sport baýramynyň gurşawyna has içgin aralaşyň!

«Bold», «7gen», «Softea», «Näzli», «Real» we «Bulvar» ýaly ajaýyp içgiler bilen durmuşyňyza şatlyk hem şowhun çaýyň!

«Ýüpekçi» hemişe siziň bilen!

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info