Strategik hyzmatdaşlygyň energiýasy: Aşgabatda Türkmenistan bilen HHR-iň gaz bileleşiginiň 20 ýyllygy bellenilýär

MilliInfo

Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we uzak möhletleýin energetika hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini aýdyň görkezýän waka boldy. Ylmy-amaly maslahata iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýakynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygynda şu ýyl Türkmenistan bilen «CNPC-niň» hyzmatdaşlygyna 20 ýyl dolýandygyny, bu şanly sene mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdypdy.

Halkara ylmy-amaly maslahata Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan we Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan hem gatnaşdy.

Ýokary derejeli plenar mejlis tamamlanandan soňra, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň çäginde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany we şol möçberde harytlyk gazy taýýarlamak üçin ýeterlik boljak ulanyş guýularyny taslamalaşdyrmak hem-de doly taýýar edip gurmak barada şertnama gol çekmek dabarasy boldy.

Soňra ylmy-amaly maslahatyň işi mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi:

  •  «Türkmenistanyň ileri tutulýan gaz taslamalary: serişdeler binýady, maýa goýum mümkinçilikleri we eksport infrastrukturasynyň ösüşi» atly mejlis;

  • «Türkmenistan — Hytaý ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek we işgärleri taýýarlamak» atly ikinji mejlis.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda 20 ýyllyk bilelikdäki iş tejribesiniň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we täjirçilik bähbidi esasynda hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasyny döredendigi bellenildi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň gaz pudagynyň gazananlaryny we hytaýly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny görkezýän giň gerimli sergi ýaýbaňlandyryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info