Geçen agşam — 20-nji dekabra geçilen gije Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Maýami şäherindäki «Kaseýýa Merkezi» arenasynda boks ýaryşy guralyp, onuň esasy wakasy belli bloger Jeýk Pol bilen dünýäniň öňki çempiony Entoni Joşuanyň arasyndaky duşuşyk bilen tamamlandy.
Duşuşykda Joşua ýeňiş gazandy: ol altynjy raundda garşydaşyny nokaut etdi. Emin nobatdaky seňselemeden soň söweşi togtatdy.
Ozalky çempion Entoni Joşua ringdäki duşuşygy öz elinde saklady we birnäçe nokdaundan soňra — altynjy raundda bloger-boksçy Jeýk Poly nokaut etdi.
36 ýaşly britaniýaly boksçynyň häzirki professional rekordy — 29-4. Heniz 28 ýaşyndaky amerikaly blogeriň boksdaky hasaby bolsa — 12-2.
