Tamamlanyp barýan awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça birnäçe okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary geçirildi. Olara Türkmenistanyň Sport göreşi federasiýasynyň tälimçileri, dürli ýaş toparlaryndaky pälwanlar hem-de Mary welaýatynyň öňdebaryjy türgenleri gatnaşdylar.
1–9-njy awgust aralygynda Türkmenistanyň Sport göreşi federasiýasynyň tälimçisi, zenanlaryň erkin göreşi boýunça Türkmenistanyň baş tälimçisi Kakamyrat Myradow 15 türgen bilen Mary şäheriniň 2-nji sport mekdebinde okuw-türgenleşik işlerini geçirdi. Ýygnanyşyga Mary welaýatynyň erkin göreş boýunça baş tälimçisi Gadam Ýazlyýew, halypa tälimçi Öwezgeldi Orazgylyjow, şeýle hem tälimçiler Kuwwatgeldi Orazow, Daýanç Saparow, Ataş Ataşow, Kerim Hojakow, Gadam Hojakow, Myrat Amanow we Muhammet Nurmedow gatnaşdylar. Şeýle hem Mary welaýatynyň öňdebaryjy pälwanlary bilelikdäki türgenleşiklere çekildi.
10–18-nji awgust aralygynda türgenleşik işleri Aşgabat şäherinde dowam etdi. Mary şäheriniň 2-nji sport mekdebiniň tälimçisi, welaýatyň erkin göreş boýunça baş tälimçisi Gadam Ýazlyýew Mary welaýatynyň öňdebaryjy türgenleri bilen paýtagtda geçirilen okuw-türgenleşik işlerine gatnaşdy. Türgenleşikler Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesinde, ussat tälimçi Batyr Orazgylyjowyň zalynda, şeýle hem «Köpetdag» stadionynyň «Zähmet» sport zalynda, tälimçi Annamyrat Bekiýewiň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Awgust aýynyň 18–21-i aralygynda Türkmenistanyň erkin göreş boýunça 15 ýaşly pälwanlarynyň baş tälimçisi Annamyrat Bekiýew 20 türgen bilen Mary şäheriniň 2-nji sport mekdebine bardy. Bu ýerde Mary welaýatynyň tälimçileri hem-de öňdebaryjy pälwanlary bilen bilelikde okuw-türgenleşik duşuşygy geçirildi. Ýaş türgenleriň fiziki taýýarlygyny berkitmäge, göreş usullaryny kämilleşdirmäge we tejribe toplamagyna aýratyn üns berildi.
Tomsuň ahyrky aýynyň dowamynda geçirilen bu tapgyrlaýyn ýygnanyşyklar erkin göreş boýunça türgenleriň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmaga, tälimçileriň arasynda tejribe alyşmaga we geljekki ýaryşlara taýýarlygy güýçlendirmäge gönükdirildi.
