Ertir basketbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy başlanýar

MilliInfo

7 sagat öň

@tkm.basketbol

19 — 28-nji debabrda basketbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň Instagram sahypasynda habar berildi.

Ýurdumyzyň erkekler hem-de zenanlar klublarynyň arasynda ýaýbaňlandyryljak duşuşyklar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Köpugurly sport toplumynda guralar. 

19 — 23-nji dekabr aralygynda zenanlaryň ýaryşy geçirilip, oňa 6 topar gatnaşar. «Aşgabat», «Talyp sporty», «Baýramaly U17», «Lebap», Binagär» hem-de «Galkynyş» toparlary Türkmenistanyň Kubogyny eýelemek ugrunda bäsleşerler. 

24—28-nji dekabrda geçiriljek dargynly duşuşyklar bolsa erkekler toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň Kubogynyň eýesini kesgitlär. Ýaryşda 8 topar çykyş eder. «Talyp sporty», «Aşgabat», «Daşoguz», «Maliýe» «Lebap, «MGSK» (Merkezi goşun sport kluby), «Galkan» we «Binagär» toparlary ýeňiş ugrunda basketbol meýdançasyna çykar. Görşümiz ýaly, Türkmenistanyň Basketbol federasiýasy tarapyndan geçirilýän ýurdumyzyň Kubogyna ýokary okuw mekdepleriň toparlarynyň hem gatnaşýandygy sportuň bu görnüşiniň ýaşlaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini tassyklaýar.

Biz toparlaryň ählisine Türkmenistanyň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşda uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Basketbol janköýerleri Kubogyň duşuşyklaryna tomaşa etmäge çagyrylýar. 

Duşuşyklara girişiň tölegsiz we erkin ýagdaýda boljakdygyny ýatladýarys.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info