Ertir ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalary ulanylmaga berler

MilliInfo

9 Oktýabr, 2025

Ertir — 10-njy oktýabrda Türkmenistanda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni belleniler. Ýurdumyzda bu şanly senä ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Bu barada 8-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren hasabatynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa aýtdy.

Bellenilişi ýaly, hünär baýramçylygy mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty ýokary derejede geçirmek, täze saglygy goraýyş desgalaryny dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermek bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Wise-premýer Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanany we Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak hakynda, şeýle hem saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygy barada hasabat berdi we olary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändigini, halkara saglyk merkezleriniň, saglyk öýleriniň, hassahanalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanany, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak hakynda, şeýle-de aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak barada degişli resminamalara gol çekdi we wise-premýere tabşyryklary berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo