1—5-nji sentýabr aralygynda Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşigi we Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde maliýeleşdirilýän «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: Ýewropa Bileleşigi (ÝB): 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň çäklerinde birnäçe möhüm çäreler guralýar.
Bu çäreler halkara akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tejribe alyşmaga we mugallymlaryň hünärlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Esasy maksat bolsa halkara akademiki hyzmatdaşlygy, tejribe alyşmagy we mugallymlaryň hünär taýýarlygyny höweslendirmekden ybaratdyr. Esasy üns Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän we durnukly energiýadaky ylmy mümkinçiliklerini güýçlendirmäge gönükdirilýär. Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilmegi çäreleriň wakalara baý pursatlarynyň biri boldy.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Halle Wittenbergdäki Martin Lýuter uniwersitetiniň, şeýle hem Klaustal Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda degişli Ähtnamalara gol çekilmegi Türkmenistanda giňden bellenip geçilýän «Bilimler we talyp ýaşlar» gününe, şeýle hem institutyň täze okuw binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gabat geldi.
Ähtnamalara laýyklykda, hyzmatdaşlygy akademiki we ylmy baglanşygy bilelikdäki bilim maksatnamalaryny ylmy-barlag başlangyçlary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa netijeliligi bilen bagly neşirleri çap etmek arkaly güýçlendirmek göz öňünde tutulýar.
2—5-nji sentýabr aralygynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ugruna degişli gysga möhletli okuw sapaklarynyň guralmagy hepdaniň möhüm çäreleriniň birine öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, «Durnukly energiýa ulgamlary: gaýtadan dikeldilýän tehnologiýalary esaslary we ulanylyşy» atly okuw sapaklary Germaniýanyň amaly ylymlar uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan geçirildi. Bu möhüm çärä Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekilleriniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlarynyň, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgärleriniň birnäçesi gatnaşdy. Diňleýjileri gaýtadan dikeldilýän energiýa tehnologiýalarynyň esaslary bilen tanyşdyrmak, taslama baha bermek we durmuşa geçirmek boýunça amaly endikleri ösdürmek we halkara tejribesini alyşmak okuwyň esasy maksatlary hökmünde çykyş etdi.
Türkmenistanyň energiýa pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak we nazary bilimler bilen amaly ulanyş arasyndaky baglanyşygy güýçlendirmek arkaly durnukly ösüş gazanmak baradaky milli maksatlaryna hem aýratyn üns berildi.
«Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilmegi we gysga möhletleýin sertifisirlenýän okuwlaryň guralmagy Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda durnukly energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolar.» «Bu hyzmatdaşlygyň tejribe alyşmak we hatda iň uly ýaşyl energiýa taslamalaryny durmuşa geçirip biljek ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýarys» diýip, «Türkmenistanyň ýaşyl ösüşi üçin: Ýewropa Bileleşigi (ÝB): 2024-2028-nji ýyllar üçin syýasy dialog we howanyň üýtgemegi boýunça hereketler» taslamasynyň ýolbaşçysy doktor Karolina Milow belledi.