Esengulyda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

MilliInfo

18 Awgust, 2026

Esengulyda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi şu ýylyň 27-nji awgustynda Esenguly etrabynyň D.Balgyzyl köçesiniň 345-nji jaýynda ýerleşýän Esenguly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 10:00-dan –12:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Kärhanalar, guramalar, edaralar hem-de hususy telekeçiler bu çärä boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde gatnaşmalydyrlar. Işe ýerleşmek isleýän raýatlar bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmelidir.

Habarlaşmak üçin: 

(800245) 3-20-78;

(800245) 3-30-27.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info